Ýewropa Bileleşigi Russiýadan edilýän import harytlaryna garşy “jezalandyryjy” gümrük salgytlarynyň girizilmegini göz öňünde tutýar. Bu çärä prezident Wladimir Putiniň Stambulda geçiriljek Ukraina bilen gepleşiklere gatnaşmakdan boýun gaçyrmagyndan soň seredilýär. Bu barada Politico neşiri öz çeşmelere salgylanyp habar berýär.
Russiýa garşy sanksiýalaryň güýçlendirilmegi, neşiriň ýazmagyna görä, 16-njy maýda ÝB ýurtlarynyň, Ukrainanyň we Türkiýäniň liderleriniň gatnaşmagynda geçiriljek sammitde maslahatlaşylar.
Sammite Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmer, Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron, Germaniýanyň kansleri Fridrih Mers, Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan we Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski gatnaşar.