Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çagyryş boýunça harby gullukçylar gowaçanyň otag we ýekeleme işlerine mejbury çekilip başlandy


Illýustasiýa suraty.
Illýustasiýa suraty.

Ahal welaýatynda gulluk borjuny ýerine ýetirýän esgerler sebitiň gowaça meýdanlarynda otag we ýekeleme işlerine çekilip başlandy. Bu ýagdaý esgerleriň gullukdan gaçmaga synanyşmagy bilen bagly wakalaryň köpelmegine, hem-de otly, awtobus menzillerinde harby gözegçiligiň güýçlendirilmegine getirýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy günorta sebitiň Tejen we Kaka etraplarynda, şeýle-de Duşak şäherçesinde çagyryş boýunça harby gulluga bellenen esgerleriň köpçülikleýin gowaça meýdanlarynda mejbury zähmete çekilip başlanandyklaryny habar berýär.

“Gowaçanyň otag we ýekeleme işlerine çekilýän esgerlere pil, kätmen we orak ýaly gurallar ýetmezçilik edýär, olaryň ellerine ellik-de berilmeýär” diýip, sebit ýaşaýjylary aýdýar.

Ýagdaýdan habarly çeşmeler harby ýolbaşçylaryň ýerine ýetirilen oba hojalyk işleriniň öwezine ýer eýelerinden töleg kabul edip alýandyklaryny aýdýar.

Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça harby häkimiýetlerden resmi teswir alyp bilmeýär.

Türkmenistan pagtaçylyk pudagynda mejbury zähmetden peýdalanmakda tankyt edilýär. Bu ýagdaý soňky ýyllarda diňe bir pagta ýygym möwsümi bilen çäklenmän, eýsem, gowaçanyň otag, ýekeleme we çürtüm işlerini hem öz içine alyp başlady.

Resmi metbugat apreliň ahyrky hepdesinde gowaça ekiş möwsüminiň tamamlaýjy tapgyrda barýandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi 12-nji maýda welaýat häkimleriniň iş maslahatyna salgylanyp, şu günler gowaçanyň hatarara bejergi, otag we ýekeleme işleriniň alnyp barylýandygyny, käbir sebitlerde gögeriş suwunyň tutulýandygyny habar berdi.

Gullukdan boýun gaçyrýan esgerler 'köpelýär'

Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri günorta welaýatda harby gullukçylaryň mejbury zähmete çekilip başlanmagynyň fonunda, gullukdan gaçmaga synanyşýan esgerleriň köpelmegi bilen, otly we awtobus menzillerinde harby gözegçiligiň güýçlendirilendigini habar berýärler.

“Soňky wagtlarda gullukdan gaçýan esgerleriň sany artdy. Şonuň üçin, harby serkerdeler otly we awtobus menzillerinde, iri magistrallardaky postlarda nobatçylygy ýola goýup başladylar. Olar postlarda awtoulaglaryň içini barlap, gullukdan gaçan esgerleri gözleýärler” diýip, bir harby serkerde anonim şertlerde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Esgerleriň gowaça meýdanlaryndaky iş şertlerinden habarly çeşmeler harby serkerdeleriň esgerleri tas zor bilen diýen ýaly işlemäge mejbur edýändigini aýdýarlar.

“Öňden bäri gulluk edip ýören esgerler ýaş esgerlere ‘bol çalt, oturanyňy görmäýin, öz deň-duşlaryňdan yza galsaň, taýak iýersiň’ diýip, haýbat atyp otag otatdyrýarlar. Islän wagtyň suwam içip bolmaýar, diňe harby serkerdeler rugsat berende suw içip, ýa-da dynç alyp bolýar” diýip, anonim ofiser Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Habarçylarymyz geçen ýylyň sentýabr aýynda Balkan welaýatynda esgerleriň oba hojalyk işlerine mejbury çekilmegi bilen bagly käbir hadysalaryň harby prokuraturalar tarapyndan hasaba alnandygyny habar beripdiler.

Hatda bu hadysalar bilen baglylykda birnäçe harby serkerde wagtlaýyn tussag-da edilipdi. Şonda ofiserleriň esgerleri hususy hojalyklara işe paýlamagy bilen bagly wakalaryň üsti açylypdy.

Harby pudakdaky çeşmeler Ahal welaýatynda hem esgerleriň harby serkerdeler tarapyndan gowaçanyň otag we ýekeleme işlerinden başga işlere-de mejbur edilýändiklerini aýdýar.

Esgerlere 'balyk tutdurylýar'

Ýaňy-ýakynda bolup geçen şeýle hadysalaryň birinde serkerdeler öz garamagyndaky esgerlere Tejen derýasyndan balyk tutdurypdyrlar.

“Ýaş esgerler uzakly gün suwuň içinde gezip, balyk tutdular. Olaryň tutan balyklary harby ofiserler tarapyndan paýlaşyldy, artan balyklar satuwa çykarylýar, emma balyk tutan esgerler balyksyz goýulýar” diýip, çeşmeler aýdýar.

Bu wakanyň şaýatlary derýada uzakly gün suwuň içine girip, balyk tutan esgerleriň arasynda syrkawlap, saglyk ýagdaýy ýaramazlaşan esgerleriň bolandygyny aýdýarlar.

“Olara kadaly saglyk bejergisi berilmeýär, gaýtam ‘sen işden gaçmakçy bolýarsyň, jögüsireýärsiň’ diýip, olaryň üstüne haýbat atýarlar” diýip, harby serkerde aýdýar.

“Ýaş esgerler bolýan zatlara çydaman, gullukdan gaçýarlar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Azatlyk Radiosy bu malgumatlar boýunça Türkmenistanyň Goranmak ministrligi bilen habarlaşyp, goşmaça maglumat alyp bilmeýär.

Azatlyk Türkmenistanyň ýaragly güýçlerinde ýol berilýän kanun bozmalar, korrupsiýa hadysalary, esgerleriň we harby serkerdeleriň ýaramaz gulluk şertleri barada yzygiderli habar berip gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG