Saýlawlaryň ýatyrylmagyndan we öňdebaryjy milletçi dalaşgäriň gadagan edilmeginden soň birnäçe aýlap dowam eden syýasy tolgunyşyklardan soň, rumynlar ahyrsoňy Brýusselde rahatlyk duýgusyny döretjek täze prezident saýladylar.
Merkezçi, Ýewropa Bileleşiginiň tarapdary we Ukrainany goldaýan syýasatçy, Buharest şäheriniň häkimi Nikuşor Dan goňşy ýurtda Ýewropanyň Ikinji jahan urşundan bäri ýüzbe-ýüz bolan iň uly konfliktiniň barýan wagtynda, halkara arenasyna gelýär.
"Rumyniýa bu saýlawda Günbatar tarapdary ugruny dowam etdirmek ýa-da aşa milletparazlyga geçmek we Russiýanyň tarapdary bolmak meselesinde açyk-aýdyň seçgi etdi. Nikuşor Dany saýlap, olar Günbatara tarapdar dowamlylygy saýladylar” diýip, Angliýanyň Birleşen patyşalyk hyzmatlary institutynyň goranyş we howpsuzlyk merkeziniň ylmy işgäri Oana Lungeski Azatlyk radiosyna aýtdy.
"Bu Rumyniýanyň onlarça ýyl bäri berk agzasy bolan ÝB-de we NATO-da ýeňillik bilen dem almak duýgusyny döreder. Rumyniýanyň strategiki pozisiýasy bar" diýip, NATO-nyň ozalky metbugat sekretary Lungesku sözüniň üstüni ýetirdi.
Nicuşor Danyň Jorj Simiondan üstün çykmagy
Danyň 18-nji maýda geçirilen saýlawda ýeňiş gazanmagy bilen baglylykda bu ýerde köp sanly bellemeli zat bar, ol ikinji tapgyra gatnaşan 38 ýaşly aşa milletçi garşydaşyny, Jorj Simiony ýeňmek üçin 54% töweregi ses toplady.
Ýaňy-ýakynda Buharest şäher häkimliginde ikinji möhletine başlamak bilen, Dan hatda geçen ýylyň noýabr aýynda geçirilen ilkinji synanyşykda bäsleşige hem gatnaşmady.
Emma, rus gatyşmalary baradaky aýyplamalar arasynda ýatyrylan saýlawdan soň, Dan maý aýynda bäsleşige çykmak üçin şlýapasyny orta oklamak kararyna geldi.
"Biz häzir deňagramlylyk pursadynda, 1989-njy ýyldan bäri iň kyn pursatda" diýip, ol Rumyniýanyň kommunistik režiminiň ganly soňlanmasyny nazarda tutup aýtdy.
Ikinji bellemeli zat, Dan bu ýeňşi diňe birinji tapgyrda gazandy, üçünji orundaky dalaşgär Krin Antoneskudan bir göterimden hem az tapawutlanyp, Simiony 20 göterim çemesi yzda goýdy.
Her näme-de bolsa, ol bu boşlugy ýaşmagy we Simiony ýeňmegi başardy, ýöne ol indi örän kyn iş - häzirki wagtda çuňňur polýarlaşan ýurtdaky syýasy hyjuwlary köşeşdirmek meselesi bilen ýüzbe-ýüz bolýar.
Nicuşor Danyň öňündäki kynçylyklar
Dan dolandyryjy koalisiýadan, esasy oppozisiýa partiýasyndan we onuň Simionyň wekilçiligindäki ýaranlarynyň öňe çykaran dalaşgärleriniň garşysyna garaşsyz kandidat bolup çykdy we ýeňiş gazandy.
Bu onuň özüni birleşdiriji hökmünde görkezmek ähtimallygyny hem aňladyp biler, ýöne bu onuň özüne parlamentde goldaw döredip bilmelidigini hem aňladýar.
Bu hususan-da Danyň ilkinji çözmeli meseleleriniň birinde, köplügiň sesini alyp biljek täze premýer-ministri bellemeginde möhüm bolar.
"Bu aňsat däl, bu çylşyrymly, sebäbi parlament gaty bölünen ýagdaýda" diýip, Kluj uniwersitetiniň Ýewropa barlaglary fakultetiniň hünärmeni Sergiu Miskoi Azatlyk radiosyna beren interwýusynda aýtdy.
Rumyn prezidentligi ýarym ýerine ýetiriji wezipe bolup, halkara sammitlerine gatnaşmak we Rumyniýanyň ÝB wetosyny ulanmak ýaly, daşary syýasat üçin wajyp işleri amala aşyrýar.
Danyň ýeňşine kim begenýär?
Dan ÝB tarapdary pozisiýasyny berk saklamak we Ukraina goldawyny dowam etdirmek bilen birlikde, Birleşen Ştatlar bilen ýakyn gatnaşykda bolmak isleýändigini aýtdy.
Onuň saýlanmagy Brýusselde we Ýewropanyň beýleki paýtagtlarynda gowy garşylanar, olar Dany beýleki iki kandidat arasynda öz tebigy ýaranlary we işleşip biljek adamlary hökmünde görerler.
Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron we Polşanyň premýer-ministri Donald Tusk hatda saýlawdan edil iki gün öň hem Dana göni goldaw alamatlaryny görkezdiler.
Saýlawdan soň bolsa, Makron we Tusk Dany gazanan ýeňşi bilen ilkinji bolup gutlan syýsatçylar boldy.
Bulardan tapawutlylykda, Tramp administrasiýasynyň geçen ýylky saýlawlaryň ýatyrylmagy baradaky karary tankytlamagy Simionyň tarapdarlarynyň hoşuna gelýär.
Dan NATO-ny berk goldaýandygyny aýtdy we Waşingtonyň goldawynyň saklanmagyna umyt baglaýar, sebäbi Birleşen Ştatlar Rumyniýada esasy raketa garşy goranyş bazasyny we 1700 töweregi esger hem saklaýar.
ABŞ-nyň Ýewropadan goşun çykarmak meýilleri baradaky gürrüňleriň arasynda, bu Rumyniýanyň täze prezidenti üçin ýene bir kellagyry bolup biler.
"Ýewropa tarapdar platformada saýlanan islendik prezident Tramp administrasiýasynda käbir kynçylyklara eýe bolup biler. Ýöne Nikuşor Dan diňe çepçi bolmak bilen hem çäklenmeýär” diýip, Miskoi aýtdy.
"Ol örän, geliň, ortaça konserwatiw diýeliň. Bu oňa Ak tam bilen geçirilmeli söhbetdeşliklerde kömek edip biler" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Forum