ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, Ukrainadaky uruşda ok atyşygy bes etmek baradaky tagallalaryň çäginde, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly gepleşik geçirer.
Tramp 19-njy maýda Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski bilen hem aýratynlykda telefon arkaly söhbetdeş bolar.
Ak tamyň ýörite wekili Stiw Witkoff, Putin bilen eýýäm üç gezek duşuşandygyny belläp, bu gezekki gepleşikleriň “häzirki ýagdaýy we gepleşikleri nädip üstünlikli tamamlamalydygymyzy kesgitlemäge” kömek etjekdigini aýtdy.
“Olar birek-biregi tanaýar. Prezident bu ýerde netije gazanmak isleýär… Eger ol başarmasa, onda muny hiç kim başarmaýar” diýip, Witkoff hepdäniň ahyrynda ABC News bilen geçirilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Tramp bu telefon gepleşiklerini Russiýanyň we Ukrainanyň Stambulda geçiren göni gepleşiklerinden soň yglan etdi. Taraplar 2022-nji ýylyň fewralynda Russiýanyň giň gerimli hüjüm başlamagynyň yz ýany geçiren şowsuz gepleşiklerinden soň, Stambulda ilkinji gezek duşuşdylar.
“Gepleşikleriň esasy temasy ‘gan dökülmegi’ duruzmak bolar” diýip, Tramp sosial mediada ýazdy. “Umyt edýärin, bu netijeli gün bolar, ok atyşygy bes etmek mümkin bolar we hiç haçan bolmaly däl bolan bu örän gazaply uruş tamamlanar”.
Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow, 19-njy maýda žurnalistlere beren maglumatynda, telefon gepleşiginiň geçiriljekdigini tassyklady.
“Elbetde, Stambulda geçirilen gepleşikleriň netijelerini göz öňünde tutanyňda, bu möhüm gürrüň bolar. Göreris, netijä garaşýarys” diýip, ol aýtdy.
Stambulda geçirilen gepleşikler, şol sanda ABŞ-nyň wekilleri bilen geçirilen aýratyn duşuşyklar, diňe çäkli netijeleri berdi; olaryň arasynda müňe-müň ýesir alyşmak boýunça ylalaşyk gazanyldy. Emma ok atyşygy bes etmek barada hiç hili ylalaşyk gazanylmady. Hepdäniň ahyrynda Russiýa Ukraina garşy iň uly dron hüjümleriniň birini amala aşyrdy diýip, ukrain tarapy aýtdy.
Habarlara görä, rus gepleşikçileri Ukraina aşa ýokary talaplary öňe sürüp, ukrain güýçleriniň bölekleýin Russiýa tarapyndan basylyp alnan sebitlerden çykarylmagyny we başga-da käbir şertleri gaýtalapdyr. Şol şertler ilkinji gezek 2022-nji ýylyň ýazynda öňe sürlüpdi. Ukraina we onuň Günbatar ýaranlary bu şertleri kabul ederliksiz diýip ret edip gelýärler.
Ýanwar aýynda prezidentlige girişeninden bäri, Tramp Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan urşuny tamamlamagy daşary syýasatyndaky esasy meseleleriň biri hökmünde goýdy. Ýöne bu tagallalara Russiýanyň söweş hereketlerini dowam etdirmegi we Moskwanyň 30 günlük ýaraşyga razy bolmazlygy päsgel berýär. Ukraina bolsa bu teklibi kabul etdi.
Ilkibaşda Kiýew bilen gatnaşyklar dartgynly bolan bolsa, soňky döwürde Ak tamyň nägileligi esasan Moskwa gönügdi we ABŞ resmileriniň çykyşlarynyň äheňi has ýiti häsiýete eýe boldy. Tramp Putiniň onuň bilen gepleşik geçirmek isleýän görnüşde bolup, aslynda parahatçylygy aramaýan bolmagynyň mümkindigini aýtdy.
Forum