Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sport ýaryşlary kimler üçin geçirilýär?


Sport treneriniň aýtmagyna görä, guramaçylygyň pes bolmagy ýaryşlara gatnaşýan tomaşaçylaryň sanynyň az bolmagyna sebäp bolýar.
Sport treneriniň aýtmagyna görä, guramaçylygyň pes bolmagy ýaryşlara gatnaşýan tomaşaçylaryň sanynyň az bolmagyna sebäp bolýar.
25-nji oktýabrda Aşgabatdaky Sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport toplumynda Sport baradaky döwlet komitetiniň sport mekdebiniň hokkeý boýunça açyk birinjiligi ugrundaky baýramçylyk ýaryşy tamamlandy. Has dogrusy, bu ýaryş 26-njy oktýabrda tamamlanmalydy. Emma käbir guramaçylyk sebäpleri üçin bu ýaryş bir gün öň tamamlandy.

Bu ýagdaý ýaryşyň guramaçylygy bilen bagly sorag döredýän ýagdaýlardan diňe biridir. Şol bir wagtyň özünde-de, ýaryşdan öň, ýaryşyň gidişiniň tertibi baradaky programmalar hem halk köpçüligine elýeterli edilmedi.

Hokkeý ýaryşy käbir guramaçylyk sebäpleri üçin bir gün öň tamamlandy.
Hokkeý ýaryşy käbir guramaçylyk sebäpleri üçin bir gün öň tamamlandy.
Bu diňe hokkeý ýaryşyna mahsus bolman, tomaşaçylar şuňa meňzeş ýagdaýlara ýakynda geçirilen käbir beýleki ýaryşlarda hem duş geldiler. Meselem, şu ýylyň sentýabr aýynda geçirilen Türkmenistanyň prezidentiniň kubogyny almak ugrundaky açyk halkara futbol ýaryşynda hem şuňa meňzeş ýagdaý ýüz beripdi. Bu ýaryşyň ilkinji duşuşygy geçirilmeli ýeri bolan “Aşgabat” stadionynda ýaryşyň açylyş dabarasyna taýýarlyk görülýärdi.

Soňky döwürlerde ýurtda sporta döwlet tarapyndan uly üns berilýändigi aýdylýar. Ýurtda sport desgalarynyň gurulmagy bilen bir hatarda geçirilýän sport ýaryşlarynyň sany hem artýar. Resmi maglumatlara görä, sentýabr-oktýabr aýlarynda ýurt boýunça 15 sany dürli derejedäki sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirilipdir.

Aşgabatdaky we welaýatlardaky aýlawlarda her hepdäniň ahyrynda atçapyşyklar geçirilýär. Emma bu ýaryşlaryň köpüsi barada halk köpçüligine yzygiderli bildiriş edilmeýär. Ýaryşlaryň geçirilişiniň tertibi baradaky programmalardyr bukletlerem ýaýradylmaýar. Ýogsam, bu hili tejribe ýok hem däl. Meselem, Aşgabadyň aýlawyndaky atçapyşyklaryň tertibi we programmasy her hepde atçapyşyklaryň öňüsyrasynda bu sportuň muşdaklary üçin çap edilýär.

Tomaşaçylaryň az bolmagy

Sport treneriniň aýtmagyna görä, guramaçylygyň pes bolmagy ýaryşlara gatnaşýan tomaşaçylaryň sanynyň az bolmagyna sebäp bolýar.
Sport treneriniň aýtmagyna görä, guramaçylygyň pes bolmagy ýaryşlara gatnaşýan tomaşaçylaryň sanynyň az bolmagyna sebäp bolýar.
Sport toplumlarynyň işgärleriniň aýtmaklaryna görä, olar hem sport duşuşyklarynyň köpüsiniň tertibini takyk bilmeýärler. Adynyň efirde tutulmagyny islemedik aşgabatly sport treneriniň aýtmagyna görä, geçirilýän ýaryşlara gatnaşýan tomaşaçylaryň az bolmagynyň bir sebäbem şu ýagdaý bilen bagly.

“Geçirilýän sport ýaryşlary barada habar beriş serişdelerinde bildirişler çap edilmeýär. Ýaryşlaryň geçirilýän belli bir tertibi hem ýok. Tertibi bolan halatynda hem onuň tertibi üýtgäp durýar. Elbetde, şu ýagdaýlar sport ýaryşlarynyň tomaşaçylarynyň sanyny azaldýar” diýip, aşgabatly trener aýdýar.

Geçirilýän ýaryşlaryň köpüsiniň täze gurlan desgalarda geçirilýändigine garamazdan, şol desgalardaky informasion serişdeler dolulygyna ulanylmaýar ýa-da şoňa meňzeş serişdeler asla ýok. Mysal üçin, 25-nji oktýabrda tamamalanan hokkeý ýaryşynda meýdançanyň tablosynda duşuşykda oýnaýan komandalaryň ady ýazylmady. Kimiň gol geçirendigi ýa-da jerime alandygy barada diktor yglan etmedi. Asla diktor ýokdy.

Telewideniýe üçin

Garaşsyzlyk baýramçylygy mynasybetli baýramçylyk awtoýaryşy geçirilen “Aşgabat” stadionynyň golaýyndaky awtotrekde hem asla informasion serişdeler ýokdy. Bu ýagdaý şol ýaryşlara tomaşa etmäge baran az sanly tomaşaçylara sport ýaryşyndan doly lezzet almaga mümkinçilik bermeýärdi.

Şu ýylyň başynda “Türkmenistan sport” telekanalynyň açylmagy sebäpli sport ýaryşlarynyň köp geçirilýändigini aýdýanlaram bar.
Şu ýylyň başynda “Türkmenistan sport” telekanalynyň açylmagy sebäpli sport ýaryşlarynyň köp geçirilýändigini aýdýanlaram bar.
Ýurtda geçirilýän sport ýaryşlarynyň tomaşaçylar üçin guramaçylyk taýdan amatsyz bolmagy bu ýaryşlaryň diňe göz üçin geçirilýändigi baradaky çaklamalary döredýär. Şu ýylyň başynda “Türkmenistan sport” telekanalynyň açylmagy sebäpli sport ýaryşlarynyň köp geçirilýändigini aýdýanlaram bar. Bu telekanalda ýurtda geçirilýän ähli ýaryşlaryň translýasiýalary ýazgyda görkezilýär.

Sport ýaryşlarynyň guramaçylarynyň käbirleri hem sport ýaryşlarynyň 24 sagat efire gidýän “Türkmenistan sport” telekanalynyň efirini doldurmak üçin geçirilýändiginiň belli bir derejede hakykata laýykdygyny tassyklaýarlar. Olar şol sebäpden geçirilýän sport ýaryşlarynyň tertibini hem käwagt üýtgetmeli bolýandyklaryny aýdýarlar.

“Teleýazgy sebäpli ýaryşlar başlamaly wagtyndan bir-iki sagat soň başlanýar. Mysal üçin, Garaşsyzlyk baýramçylygy mynasybetli geçirilen awtoýaryş irden sagat 10-da başlamalydy. Emma telewideniýäniň işgärleri ýaryşa gatnaşyjylardan interwýu alyp, maşynlar olaryň islegleri boýunça meýdançada düzülip, ýazgy edilip bolýança iki sagat geçdi. Şonuň üçin ýaryş iki sagat giç başlady” diýip, bu ýaryşyň guramaçylarynyň biri aýtdy.

Baýramçylyk awtoýaryşynyň ýeňijisi Karen Awagýandan, ýaryşdan soň teleýazgy etmek üçin, sakgalyny syrmagyny talap etdiler.
Baýramçylyk awtoýaryşynyň ýeňijisi Karen Awagýandan, ýaryşdan soň teleýazgy etmek üçin, sakgalyny syrmagyny talap etdiler.
Ýaryşa gatnaşýanlar bolsa ýaryşyň talaplaryna däl-de, telewideniýäniň çäklendirmelerine laýyklykda hereket etmeli bolýarlar. Mysal üçin, Garaşsyzlyk mynasybetli geçirilen baýramçylyk awtoýaryşynyň ýeňijisi Karen Awagýandan, ýaryşdan soň teleýazgy etmek üçin, sakgalyny syrmagyny talap etdiler. Munuň sebäbini telewideniýäniň işgärleri “telewideniýä sakgally düşmeli däl” diýip düşündirdiler.

Tribunalary tomaşaçylardan doldurmak bolsa, ýaryşlary gurnaýan guramalar üçin o diýen wajyp mesele däl ýaly bolup görünýär. Diňe Türkmenistanyň prezidentiniň gatnaşmagynda geçirilýän sport çärelerinde stadionlardyr beýleki sport desgalarynyň tribunalary mejbury janköýerler bilen doldurylýar. Häzirlikçe, şonuň bilen hem köpçülikleýin türkmen sport janköýerligi çäklendirilýär.
XS
SM
MD
LG