Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanda ýangyç ogurlygy derňelýär, 'köp adamyň türmä basylmagy mümkin'


Türkmenistanda bir ýangyç bekedi
Türkmenistanda bir ýangyç bekedi

Azatlygyň habarçysy Balkan welaýatyndaky Oba Hyzmat önümçilik we transport kärhanalarynyň birnäçe jogapkär işgäriniň saklanandygyny, olaryň garşysyna ýangyç ogurlygy aýyplamasy esasynda jenaýat işleriniň gozgalandygyny habar berýär. Işi derňelýän adamlar geçen hepde, dizel ýangyjynyň we çalgy ýaglarynyň ýiti ýetmezçiliginiň arasynda geçirilen barlaglardan soň saklanypdyr. Türkmen häkimiýetleri bu hili ýagdaýlar boýunça ne ilata, ne Azatlygyň habarçylaryna resmi düşündiriş berýär.

Türkmenistanda gowaça ýa bugdaý ekişiniň, oragyň ýa-da pagta ýygymynyň gijikdirilmegi köplenç wada berlen üpjünçilik hyzmatlarynyň wagtynda edilmezligi, tehnika, suw, dökün ýaly zatlaryň wagtynda berilmezligi bilen baglanyşdyrylýar. Bu gezek sebitde gowaça ekişiniň gijikdirilmegine, ekişi wagtynda tamamlap bilmedik kärendeçileriň welaýat häkimine eden şikaýatlarynda aýtmaklaryna görä, dizel ýangyjynyň we çalgy ýaglarynyň ýiti ýetmezçiligi sebäp bolupdyr.

'Jogapkärçilikli döwürdäki' ogurlyk

“...jogapkärçilikli gowaça ekişi döwründe, oba hyzmat kärhanalaryndaky ýangyç ýetmezçiligi sebäpli, müňlerçe gektar ýerde ekilmeli gowaça ekilmedi. Kärendeçi daýhanlar welaýat häkimine şikaýat etdi. Welaýatdaky milli howupsuzluk edarasyna barlag geçirmek tabşyryldy we netijede Gyzylarbat Oba Hyzmat kärhanasynda 250 tonna dizel ýangyjynyň bikanun, näbelli hususy taraplara satylandygy anyklandy” diýip, Azatlygyň çeşmesi aýtdy.

Şeýle-de, Bereket etrabyndaky Oba Hyzmat önümçiligi kärhanasynda we awtoulaglar parkynda jemi 115 tonna dizel ýangyjynyň bikanun ýok edilendigi, Magtymguly etrabyndaky Oba Hyzmat önümçiligi we transport kärhanalarynda başlanan barlaglaryň bolsa şindi gutarmandygy aýdylýar.

Şu günler welaýatyň ýangyç guýujy beketlerinde A 95 benzini we dizel ýangyjy satylmaýar, bu ýagdaý hususy ýük ulaglarynyň, üstaşyr geçýän ýük ulaglarynyň sürüjileri üçin uly kynçylyk döredýär diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.

Habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürlen adamlaryň tassyklamagyna görä, häzir ýeňil hususy ulaglara A 92 benzini örän çäkli, diňe 15 litr möçberinde satylýar. “Ýangyç beketlerindäki şlangalar kolonkalaryna dolanyp, ýygnalyp goýlupdyr” diýip, sürüjiler aýdýar.

'Köp adamyň türmä basylmagy mümkin'

Gyzylarbat etrabyndaky Oba Hyzmat önümçilik kärhanasynyň hasapçysy we dizel ýangyjyny daşaýan ulagyň sürüjisi saklanyp, deslapky tussaghana ýerleşdirildi. Ýagdaýdan habarly resminiň anonimlik şertinde aýtmagyna görä, olar sorag wagtynda bu iş bilen ilteşikli adamlaryň atlaryny aýdýarlar.

“...dizel ogurlygy işiniň bir ujunyň etrap häkimliginiň jogapkär işgärlerine çenli baryp ýetýändigi, arkasyz resmileriň köpüsiniň türmä basylmagynyň mümkindi aýdylýar” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi häzirlikçe derňewiň nähili gutarjakdygyny diňe çaklap boljakdygyny belledi.

Batyr atly sürüjiniň tassyklamagyna görä, Gyzylarbatdaky Oba Hyzmat önümçiligi kärhanasynda işleýän sürüjiler her gün beketden özlerine degişli dizel ýangyjyny alanlarynda, 100 litr ýangyç alsalar, 130 litr ýangyç alandyklaryny aýdyp, hasapçynyň taýýarlan güwänamasyna gol çekip gelipdirler.

Öwrenilen 'artdyryp ýazma' praktikasy

“Bu talaba boýun bolmadyk sürüjiler, mehanizatorlar üç ýyl bäri işden kowulýan eken. Adamlary diňe işden kowup hem oňmandyrlar, eklenjini ýitiren sürüjiler, traktorçylr bergidar çykarylyp, kazyýet üsti bilen töleg tölemäge, bergi üzmäge mejbur edilipdir” diýip, Azatlygyň çeşmesi aýtdy.

Türkmenistanda ol ýa-da beýleki jenaýatda aýyplanýan adamlar, şol sanda dowam edýän korrupsiýa ulgamlarynyň arasynda öz iş ornuny saklamak üçin ýokarky ýolbaşçylaryň dilden beren görkezmelerini ýerine ýetirip, soňra ogurlykda aýyplanýan raýatlar köplenç özlerini kanun esasynda gorap bilmeýärler.

Öz müşderileriniň işleri hakynda ähli zady bilseler-de, aklawçylar olaryň işi barada metbugata maglumat berip, kanuny göreş alyp barmakdan saklanýar diýip, habarçymyz aýdýar. Şu sebäpden, ýerli synçylaryň tassyklamagyna görä, ýangyç ogurlygynda aýyplanýan adamlaryň işiniň adalatly derňeljegine ynanmak kyn.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG