Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenski Ukraina-Russiýa gepleşikleriniň öňüsyrasynda Türkiýä geldi, Putin gelmedi


15-nji maýda Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski (ortada) Ankara geldi
15-nji maýda Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski (ortada) Ankara geldi

Russiýanyň we Ukrainanyň wekiliýetleri üç ýyldan gowrak arakesmeden soň ilkinji gezek ýüzbe-ýüz geçiriljek parahatçylyk gepleşiklerine gatnaşmak üçin Türkiýä geldiler. Emma gepleşiklere prezident Wladimir Putiniň gatnaşmazlygy sebäpli taraplaryň wekiliýetleri has pes derejeli resmilerden ybarat bolar.

Rus metbugatynyň habar bermegine görä, gepleşikleriň 15-nji maýda Stambulyň Dolmabahçe köşgünde geçirilmegine garaşylýar. Duşuşyklar žurnalistleriň gatnaşmagynda däl-de, ýapyk görnüşde geçiriler.

Şol bir wagtda, Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Ankarada Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan bilen duşuşmak üçin geldi. Putin Türkiýä sapar etmekden ýüz öwürensoň, Zelenski hem Stambuldaky gepleşiklere gatnaşmaz.

Zelenski Ankara gelen badyna žurnalistlere bilen söhbetdeşliginde: “Prezident Erdogan bilen gepleşenden soň, nähili hereket etmelidigimizi we nähili ädimler ädilmelidigini ara alyp maslahatlaşarys. Möhüm gepleşik üçin birnäçe sagadymyz bolar we örän möhüm kararlary kabul ederis” diýip aýtdy.

Ol şeýle hem rus delegasiýasynyň derejesini we ygtyýarlyklaryny öwrenmegiň zerurdygyny belledi. “Olaryň özbaşdak karar kabul edip bilmeýändigini bilýäris. Sebäbi Russiýada kararlary kimiň kabul edýändigi ählimize mälim” diýip, Zelenski rus wekiliýetini “bezeg delegasiýasy” diýip häsiýetlendirdi.

Zelenski mundan öň Putini Türkiýede ýüzbe-ýüz duşuşmaga çagyrypdy, emma Putiniň gepleşiklere gatnaşmazlygy Ýewropada Ikinji Jahan Urşundan bäri dowam edýän iň uly konfliktiň ýatyrylmagyna ýa-da söweşiň togtadylmagyna umytlary pese düşürdi.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň hem gepleşiklere gatnaşmagyna garaşylýardy, ýöne 14-nji maýda Kremliň Putiniň rus delegasiýasyna dört gepleşikçi we dört bilermeni bellemegi bilen baglanyşykly ýaýradan beýannamasyndan soň, bu umytlar hem puja çykdy.

Häzir Ýakyn Gündogaryň birnäçe ýurduna dört günlük sapar bilen gelen Tramp, eger onuň gatnaşmagy Putin bilen Zelenskiniň duşuşygyny üpjün etjek bolsa, gepleşiklere gatnaşmaga taýýardygyny aýdypdy.

ABŞ-nyň metbugatynyň maglumatlaryna görä, Trampyň ýokary derejeli wekilleri Stiw Witkoffyň we Kit Kellogyň Stambulda bolmagyna garaşylýar.

Kreml tarapyndan ýaýradylan beýannamada rus delegasiýasynyň düzüminde Russiýanyň goranmak ministriniň orunbasary Aleksandr Fominiň boljakdygy aýdylýar. Ol 2022-nji ýylyň fewralynda Russiýa Ukraina giň göwrümli çozuş başlanyndan soň Belarusda we Türkiýede geçirilen gepleşiklere hem gatnaşypdy.

Delegasiýa prezidenti Putiniň kömekçisi Wladimir Medinskiý ýolbaşçylyk eder. Medinskiý üç ýyldan gowrak ozal geçirilen soňky gepleşiklerde hem bolupdy. Ol Russiýanyň Ukraina bilen baglanyşykly taryhy öňe sürmelerini ilerletmekde möhüm rol oýnaýar we onuň ýazyn taryh kitaplary garaşsyz taryhçylar tarapyndan tankyt edilýär.

Şeýle-de, gepleşikçiler toparyna Russiýanyň Baş aňtaw müdirliginiň başlygy Igor Kostýukow hem girýär. Kremliň beýannamasynda Kostýukow “Russiýanyň Ýaragly güýçleriniň Baş ştabynyň Baş müdirliginiň ýolbaşçysy” hökmünde görkezilýär.

Gepleşikçiler 2022-nji ýylyň mart aýynda Belarusda we Türkiýede birnäçe gezek duşuşypdylar, ýöne soňra gepleşikler şowsuz tamamlandy.

Zelenski Putin tarapyndan göni gepleşikleriň geçirilmegi teklip edilenden soň, onuň bilen ýüzbe-ýüz duşuşmaga taýýardygyny aýtdy. Ol öňden hem rus delegasiýasy bilen däl-de, diňe Putin bilen duşuşjakdygyny belläp gelýärdi.

Putin göni gepleşikleri “hiç hili öň şertler goýulmazdan” geçirmegi teklip edipdi.

Forum

XS
SM
MD
LG