Türkmenistanyň dürli sebitleri, şol sanda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň ekerançylyk meýdanlary zyýankeşlerden, çekirtgeleriň, mör-möjekleriň köpelmeginden ejir çekýär diýip, ýerli daýhanlar aýdýar.
“Zyýankeşler oba hojalyk ekinlerine, gök-bakja önümlerine we miweli ösümliklere howp abandyrýarlar” diýip, günorta sebitiň ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Daýhanlar zyýankeş mör-möjekleriň howanyň gyzyp başlamagy bilen has-da köpelýändigini, olaryň gysga wagtda ençeme gektar meýdana ýaýraýandygyny aýdýarlar.
Ýerli ýaşaýjylar ,ör-möjekler peýda bolup başlan badyna, olara garşy ýörite himiki serişdeleriň ulanylyp göreşilmelidigini, ýöne soňky wagtlarda munuň şeýle bolmaýandygyny aýdýarlar.
“Mör-möjeklere garşy öz wagtynda göreşilmese, ekinleriň hasyllylygy, maldar hojalyklaryň ot-iým üpjünçiligi pes bolýar” diýip, daýhanlar aýdýar.
Howanyň üýtgemegi bilen bagly dowam edýän global aladalaryň arasynda, soňky ýyllarda Merkezi Aziýa ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda tomus aýlarynda çekirtgeleriň köpelmegi, olaryň oba-hojalyk ekinlerine zyýan ýetirmegi bilen bagly wakalar has köp hasaba alnyp başlandy.
Geçen ýyl howa gyzyp başlan gabatlary, bahar paslynyň ahyrlarynda Gazagystanda we Özbegistanda, şol sanda Garagalpagystanyň Türkmenistan bilen araçäkleşýän sebitlerinde çekirtge howpy ýüze çykdy.
Munuň bilen baglylykda, iýun aýynyň başlarynda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi ýurduň ähli welaýatlarynda çekirtge howpuna garşy dürli çäreleri durmuşa geçirip başlapdy. Serhet ýaka sebitlerde oba hojalyk işgärlerinden ybarat toparlaryň nobatçylyk işleri ýola goýuldy.
Şonda bu çäreler BMG-niň Azyk agentliginiň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň oba hojalyk resmileri bilen duşuşyp, durnukly çekirtge gözegçiligini ara alyp maslahatlaşmagynyň yz ýanyna gabat gelipdi.
Resmiler zyýankeşlere garşy göreşde özara tejribe paýlaşmagy, şeýle-de bu ugurda serhetüsti we uzak möhletli sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagy maksat edinýändiklerini aýdýarlar.
Şeýle-de, geçen ýyl maý aýynyň ortalarynda Özbegistanyň hem-de Türkmenistanyň döwlet karantin gulluklarynyň hünärmenleri bilelikde çekirtge barlaglaryny geçirdiler.
Gurama şu ýylyň aprel aýynda hem Täjigistanda, Özbegistanda we Gazagystanda çekirtge howpuna garşy göreşmek boýunça türgenleşik okuw sapaklarynyň geçirilendigini aýdýar.
16-njy maýda Azatlyk Radiosyna Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndan gelip gowşan suratlarda bary-ýogy birnäçe inedördül metr meýdanda köp sanda ýaşyl çekirtgeleriň bir ýere üýşendigini görmek bolýar.
BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy dünýäniň dürli ýurtlarynda, hususan-da gurak ýurtlarda çekirtgelere gözegçilik işlerini alyp barýar.
Bu edara geçen ýylyň aprel aýynda Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda onlarça müň gektar meýdanda marokgo çekirtgeleriniň ýumurtgalandygyny habar berdi. Şonda köp sebitde insektisidler bilen arassalaýyş işleri geçirildi.
Türkmenistanyň oba hojalyk resmileri we sebit ýolbaşçylary prezident tarapyndan geçirilýän iş maslahatlarynda ýurduň ekin meýdanlarynda zyýankeşlere garşy zerur işleriň öz wagtynda geçirilýändigini aýdýarlar.
Şeýle-de, ýerli metbugatda wagtal-wagtal muňa garşy daşary ýurtlardan satyn alynýan himiki serişdeler barada hem habarlar peýda bolýar.
Hünärmenler global klimat meseleleriniň soňky ýyllarda zyýankeş howpunyň ýaramazlaşmagyna getirýändigini aýdýarlar.
Geçen ýylyň fewralynda “Inside Climate News” neşiri, ylmy barlaglara salgylanyp, global maýlamanyň netijesinde hem-de gurakçylygyň täsiri bilen, dünýäniň täze sebitlerinde, şol sanda Türkmenistanda, Owganystanda we Eýranda çekirtge howpunyň ýüze çykmagynyň mümkindigi barada duýduryş beripdi. Ylmy barlaglara görä, yssy we gurak howa şertleri zyýankeşleriň köpelmegine amatly şert döredýär.
Öňki ýyllarda, ýurduň Lebap we Mary welaýatlarynda Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolan ýerli daýhanlar oba hojalyk ekinleriniň çekirtge çozuşlaryndan uly zyýan çekendigini, olara garşy özleriniň özbaşdak göreşmäge mejbur galandyklaryny gürrüň beripdiler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum