Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina bilen Russiýanyň Türkiýedäki gepleşikleri başlady, olara uly umyt baglanmaýar


Ukrainanyň daşary işler ministri Andriý Sybiha, ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio, Türkiýäniň daşary işler ministri Hakan Fidan we Ukrainanyň prezident diwanynyň ýolbaşçysy Andriý Ýermak 16-njy maýda Stambulyň Dolmabahçe köşgüne geldiler.
Ukrainanyň daşary işler ministri Andriý Sybiha, ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio, Türkiýäniň daşary işler ministri Hakan Fidan we Ukrainanyň prezident diwanynyň ýolbaşçysy Andriý Ýermak 16-njy maýda Stambulyň Dolmabahçe köşgüne geldiler.

Ukrainanyň we Russiýanyň delegasiýalary, 2022-nji ýylyň fewralynda Moskwanyň başlan giň gerimli hüjüminden soňky hepdelerde geçirilen şowsuz gepleşiklerden soň, 16-njy maýda Stambulda ilkinji göni parahatçylyk gepleşiklerine başladylar. Ýöne bu gepleşiklerden uly öňegidişlik garaşylmaýar.

Bu duşuşyk ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Ukrainadaky urşy bes etmek baradaky diplomatik tagallalarynyň çäginde amala aşyrylýar. Bu uruşda iki tarapdan onlarça müň esger, şeýle-de ukrain raýatlarynyň uly bölegi öldi.

Russiýanyň we Ukrainanyň gepleşik toparlary ýerli wagt bilen günortan sagat 13-den soň Türkiýäniň resmileriniň gatnaşmagynda gepleşiklere başladylar. Şeýle hem ABŞ-nyň, Ukrainanyň, Russiýanyň, Ýewropanyň we Türkiýäniň resmileriniň gatnaşmagynda aýratyn duşuşyklar geçirilýär.

Moskwa Ukraina, Ýewropa ýurtlary we ABŞ tarapyndan öňe sürlen 30 günlük doly we uzaldylmagy mümkin bolan ok atyşygy bes etmek baradaky teklipleri ret etdi. Kreml munuň diňe gepleşikleriň üsti bilen mümkin boljakdygyny aýtdy. Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bolsa ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň 2019-njy ýyldan bäri ilkinji gezek ýüzbe-ýüz duşuşyk geçirmek baradaky çakylygyny kabul etmedi.

Türkiýäniň daşary işler ministri Hakan Fidan gepleşikleriň açylyşynda “ok atyşygyň mümkin boldugyça tiz durmuşa geçirilmeginiň örän möhümdigini” hem-de “bu gepleşikleriň liderleriň duşuşygyna esas bolmagy üçin juda ähmiýetlidigini” belledi. Ol şeýle hem “konstruktiw gepleşikler arkaly parahatçylygyň mümkindigine ýürekden ynanýandyklaryny” aýtdy.

Ukrainanyň gepleşik toparynyň ýolbaşçysy, goranmak ministri Rustem Umerow gepleşikleriň öňüsyrasynda Facebook-da ýerleşdiren postunda parahatçylygyň diňe Russiýanyň “iň azyndan 30 günlük doly ok atyşygy bes etmek ýaly anyk çäreleri kabul etmäge taýýarlygyny görkezmegi, zor bilen alnyp gidilen ukrain çagalarynyň yzyna getirilmegi we ähli uruş ýesirleriniň alyşylmagy ýaly ynsanperwer çäreleri durmuşa geçirmegi” bilen mümkin boljagyny aýtdy.

Putiniň ozal teklip eden bu gepleşiklere pes derejeli delegasiýany ibermek karary, öňem öňegidişlige az bolan umytlary has-da gowşatdy.

Tramp Ýakyn Gündogara eden saparynyň dowamynda Putiniň gatnaşmagy ýagdaýynda Türkiýedäki gepleşiklere özüniň hem gelip biljekdigini ýaňzydypdy. Kreml pes derejeli topary iberjekdigini mälim edenden soň, Tramp “Putin bilen men duşuşýançak hiç zat bolup bilmez” diýdi.

16-njy maýda Tramp Waşingtona dolanýandygyny aýtdy. “Russiýa we Ukraina bilen näme boljagyna seredeliň” diýip, Putin bilen mümkin bolan duşuşygy “iň gysga wagtda” geçirmek isleýändigini mälim etdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio 15-nji maýda Fox News tele-kanalyna beren gürrüňinde “Tramp bilen Putin ýüzbe-ýüz duşuşmasa öňegidişligiň bolmajakdygyny” belledi.

ABŞ-nyň (çepde), Türkiýäniň (ortada) we Ukrainanyň (sagda) delegasiýalary 16-njy maýda Dolmabahçe köşgünde
ABŞ-nyň (çepde), Türkiýäniň (ortada) we Ukrainanyň (sagda) delegasiýalary 16-njy maýda Dolmabahçe köşgünde

“Häzirlikçe muny anyk haýsy senede ýa-da nirede amala aşyrmak mümkin, bilmeýärin, ýöne häzirki wagtda bu ýeke-täk mümkinçilik” diýip, Rubio aýtdy. Ol Stambulyň Dolmabahçe köşgünde geçirilen Ukraina-Russiýa gepleşiklerinden öň ukrain we türk resmileri bilen duşuşdy.

Rubio 16-njy maýda ukrain we türk kärdeşleri bilen duşuşykda ABŞ-nyň “gan dökülmeginiň bes edilmegi” baradaky pozisiýasyny ýene bir gezek nygtady diýip, Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Tammi Brýus aýtdy. Döwlet departamentiniň syýasaty meýilleşdirmek boýunça ýolbaşçysy Maýkl Anton Russiýanyň delegasiýasy bilen aýratyn duşuşmaly.

Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow Tramp bilen Putiniň iki taraplaýyn gatnaşyklar, Ukraina we beýleki meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşygynyň “dogurdanam zerurdygyny”, ýöne onuň netijeli bolmagy üçin taýýarlyk görmek üçin wagtyň gerekdigini belledi.

Putin giň gerimli çozuşy Ukrainanyň Krym ýarymadasyny basyp alanyndan we 2014-nji ýylda Donbasda konflikti öjükdirmeginden sekiz ýyl soň başlady. Häzir Russiýa Ukrainanyň territoriýasynyň takmynan bäşden bir bölegini eýeleýär, ýöne 1991-nji ýylda garaşsyzlygyna eýe bolan Ukrainany doly boýun egdirmek baradaky maksadyna ýetip bilmedi.

Mundan öň, Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky soňky göni gepleşikler 2022-nji ýylyň ýazynda geçirilipdi.

Kreml 16-njy maýdaky duşuşygy 2022-nji ýylda geçirilen gepleşikleriň “dowamy” hökmünde häsiýetlendirdi. Ozalky we häzirki gepleşiklerde rus tarapyna prezident Putiniň kömekçisi, öňki medeniýet ministri Wladimir Medinskiý ýolbaşçylyk edýär. Zelenski rus wekiliýetini “bezeg delegasiýasy” diýip häsiýetlendirip, munuň olaryň “gepleşiklere çynlakaý çemeleşmeýändigine yşarat bolandygyny” aýtdy.

Forum

XS
SM
MD
LG