Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putun Ukrainada atyşygyň bes edilmegi bilen 'düýpden gyzyklanmaýar’ – Litwanyň daşary işler ministri


Litwanyň daşary işler ministri Kestutis Budris
Litwanyň daşary işler ministri Kestutis Budris

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin hakykatdanam Ukraina garşy uruşda atyşygy bes etmäge taýynmy? Litwanyň daşary işler ministri Kestutis Budris beýle pikir etmeýär.

Budris Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda, bolşundan çen tutulsa, Putiniň Ýewropanyň Ikinji jahan urşundan bäri ýüzbe-ýüz bolan iň uly we iň ganly konfliktini soňlamak bilen "düýpden gyzyklanmaýandygyny" aýtdy.

“[Ol] ne atyşygy bes etmek isleýär, ne-de hakyky parahatçylyk gepleşiklerini geçirmek isleýär. Sebäbi onuň ýeke-täk ulanyp bilýän guraly – gödeksi güýç, terror we basyş” diýip, Budris 19-njy maýda, Azatlyk radiosynyň Pragadaky baş edarasynda geçirilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Bu interwýu ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Putin bilen iki sagatlap telefonda gürleşen we rus tarapynyň derhal ýaraşyk gepleşiklerine başlamak wadasyny beren gününde berildi.

Emma muňa garamazdan, rus lideriniň biraz soň eden gürrüňinde atyşygy bes etmek prosesiniň ýuwaş-ýuwaşdan kesgitlenjekdigi we bu tagallalaryň "umuman dogry ugurdan" barýandygy aýdyldy.

Amerikan diplomatlarynyň ýyl başynda Gara deňiz we raýat infrastrukturasy boýunça bölekleýin ýaraşyk baglaşylmagy barada eden we soňy bilen başa barmadyk tagallalarynyň arasynda, işe başlaly bäri, Tramp birnäçe gezek urşy soňlamak wadasyny berdi.

Tramp, ylalşyk baglaşmak umydy bilen, şindem Putin bilen ýüzbe-ýüz duşuşmak isleýär. ABŞ-nyň tagallasyny öwýän hem bolsa, Budris, öz pikiriçe, Moskwa täsir etmek üçin has güýçli basyşyň gerekdigini aýdýar.

"Häzirki pursatda biz atyşygyň togtadylmagyny gazanyp bilmesek, bu Tramp administrasiýasynyň şu aýlarda eden we ýerlikli diplomatik tagallalarynyň ählisiniň netije bermändigini görkezer" diýip, ol aýtdy.

"Onsoň bu, atyşygyň bes edilmegi we soňy bilen parahatçylygyň gazanylmagy üçin biziň özümizde bar bolan gurallaryň beýleki bukjasyny hödürlemelidigimizi aňladýar. Bu gurallar goşmaça sanksiýalar basyşynda we Ukraina berilmeli goşmaça goldawda" diýip, ol aýtdy

Mümkin däl ýaly bolup görünýän gepleşiklerden soň, Trampyň häzir gol çekmäge taýyn däldigini görkezmegi bilen, Ýewropanyň 20-nji maý güni giçlik täze sanksiýalary tassyklamagyna garaşylýar.

Şu aralykda, ABŞ-nyň respublikan kanun çykaryjysy we Trampyň ýakyn ýarany Lindsi Graham Russiýadan nebit satyn alýan ýurtlara 500 göterim gümrük pajyny girizmegi teklip etdi.

Budris Russiýanyň energiýa eksportyny nyşana almagyň Moskwany hakykatdanam parahatçylykly çözgüt ugruna gyşarmaga mejbur edip biljekdigi bilen ylalaşýandygyny aýtdy.

"Biz Russiýanyň býujetine gelip girýän esasy girdejini we olaryň uruş maşynyna girýän esasy girdejini duruzmaly. Bu gaz, nebit, LNG (suwuklandyrylan tebigy gaz) eksporty" diýip, ol aýtdy.

ÝB soňky iki ýylda, kemeltmek barada edilýän gürrüňlere garamazdan, Kremle garşy güýçli zarba urýan energiýa sanksiýalaryny girizmegi başarmady. Ýewropanyň Russiýadan edýän LNG, suwaldylan gaz importy bolsa, öňki ýyllar bilen deňeşdirilende, 2024-nji ýylda has ýokarlandy.

Wengriýa özüniň Russiýa garşy girizilen pudaklaýyn sanksiýalaryň ählisine weto goýjakdygyny aýtdy we Ýewropa Komissiýasy muňa derek rus gazynyň ÝB bazaryndan ýuwaş-ýuwaşdan çykarylmagyny teklip etdi. Bu, görnüşinden, 2027-nji ýylyň aýaklaryna çenli doly güýje girjege meňzemeýär.

Belarus Halkara Jenaýat kazyýetinde jogap berer

Içerki front barada gürrüň edip, Budris Minskini Litwa uly möçberlerde migrant gaçakçylygyny gurnamakda aýyplamak bilen, Wilniusyň 19-njy maýda Belarusyň üstünden Halkara kazyýetine (ICJ) şikaýat etmeginiň sebäbini düşündirdi.

Bu işjeňlik 2021-nji ýylda, Aleksandr Lukaşenkonyň režimi migrantlary özüne çekip, hususan-da Owganystandan, Yrakdan, Siriýadan we Ýemenden Belarusa gelen migrantlary toplap, olary ÝB ýurtlarynyň serhetlerinden geçmäge, Latwiýa, Litwa, Polşa ýaly ýurtlara gitmäge iterip başlanda başlandy.

Bu üç ýurduň ählisiniň serhet gözegçiligini güýçlendirmegine we Ýewropa Bileleşiginiň Minskä garşy sanksiýa girizmegine garamazdan, Wilnius indi olardan hem bir ädim aňryk gitdi diýip, Budris aýtdy.

"Olar, Belarus tarapyndan, bu tejribä ýene-de gaýdyp gelmek synanyşyklaryny gaýtalaýarlar. Şu sebäpden bize jogapkärçilik gerek, halkara jemgyýetçiliginiň munuň adamlary öz goňşyňa garşy gurnamak we ýaraglandyrmak usuly bolup-bolmandygyny görmegi gerek” diýip, Budris aýtdy.

Forum

XS
SM
MD
LG