ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp rus lideri Wladimir Putin bilen geçiren soňky telefon gürrüňinden soň, Moskwanyň we Kiýewiň ok atyşyklary bes etmek boýunça gepleşiklere ‘derrew’ başlajakdygyny aýtdy.
Tramp 19-njy maýda Putin bilen geçiren telefon gepleşiginiň iki sagat dowam edendigini we “örän gowy” geçendigini TruthSocial platformasynda ýazdy.
Tramp öz ýazgysynda Russiýanyň we Ukrainanyň “ok atyşyklary bes etmek we has möhümi, urşy gutarmak üçin şertleri derrew ara alyp maslahatlaşmaga başlajakdygyny” belledi. “Şeýle şertler iki tarap tarapyndan ara alnyp maslahatlaşylar” diýip, ol belledi.
Putin rus metbugatyna beren beýanatynda gürrüňiň “örän mazmunly we açyk” bolandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, Moskwa ok atyşyklary bes etmek üçin deslapky şertleri öz içine alýan memorandumy taýýarlar.
Tramp dört aý mundan ozal prezidentlik wezipesine girişeli bäri Ukrainadaky urşy bes etmek meselesini öz daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Mart aýynda Tramp iki tarapy tizden-tiz 30 günlük atyşyklary bes etmek baradaky ylalaşyga gelmäge çagyrdy. Şondan bäri ol bu talabyny gaýtalap, atyşyklary bes etmek ylalaşygyna zyýan ýetiren islendik ýurda garşy sanksiýalary girizjekdigini aýtdy.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Ak tamyň bu teklibini kabul eden hem bolsa, Putin Kiýewiň deslapky şertleri kabul etmelidigini, şol sanda Russiýanyň anneksiýa eden ukrain territoriýalaryny ykrar etmek, ýurduň harby taýdan ýaragsyzlandyrylmagy we bitaraplyk statusyny talap edip, ylalaşykdan ýüz öwürdi.
Trampyň Putin bilen gepleşiginden öň, Zelenski Trampyň 30 günlük atyşyklary bes etmek baradaky teklibine goldawyny ýene bir gezek tassyklady.
“Ukraina adam ömürlerini halas etmek we diplomatik gepleşikler üçin zerur esaslary döretmek maksady bilen doly we şert goýulmazdan atyşyklary bes etmek talaplaryny öňe sürýär. Şeýle atyşyklary bes etmek ylalaşygy ýeterlik derejede uzak möhletli bolmaly we onuň möhletini uzaltmak mümkinçiligi hem bolmaly” diýip, Zelenski 19-njy maýda X platformasynda ýazdy.
Putiniň Trampyň 30 günlük atyşyklary bes etmek baradaky soňky teklibini ret etmeginden soň, Tramp öz ýazgysynda Russiýa garşy goşmaça sanksiýalary agzamady. Muňa derek, ol ylalaşyk baglaşylsa, Russiýanyň ABŞ bilen söwda gatnaşyklaryndan peýdalanjak artykmaçlyklaryny nygtady.
“Bu ganly gyrgynçylyk gutaransoň, Russiýa ABŞ bilen giň gerimli söwda etmek isleýär we men munuň bilen razy. Russiýa üçin köp sanly iş orunlaryny we baýlygy döretmek üçin ajaýyp mümkinçilik bar. Onuň potensialy ÇÄKSIZ” diýip, Tramp ýazdy.
ABŞ-nyň senatorlaryndan respublikan Lindsi Graham geçen aý Russiýa urşy bes etmedik ýagdaýynda, Moskwanyň jezalandyrylmagyny göz öňünde tutýan kanun taslamasyny hödürledi. Günbatar ekspertleri Trampyň Putini gepleşik stoluna mejbur etmek üçin Russiýa garşy sanksiýalary güýçlendirmeginiň mümkindigini bellediler.
Günbataryň goşmaça sanksiýalary rus ykdysadyýeti üçin gitdigiçe kynlaşýan döwürde gelip biler. “Capital Economics” guramasynyň 16-njy maýdaky habarynda bellenmegine görä, ýurduň ykdysady ösüş depgini ýylyň birinji çärýeginde ep-esli haýallapdyr we ýurduň ykdysadyýeti “kyn ýagdaýa” tarap gidip biler.
Putin Tramp bilen geçiren gürrüňinden soň rus metbugatyna beren beýanatynda “kriziň düýp sebäplerini, ýagny NATO-nyň giňelmegi we Ukrainanyň Günbatar bileleşigine goşulmak islegini aradan aýyrmagyň zerurlygyny” ýene bir gezek nygtady.
“Biz diňe parahatçylyga tarap gitmegiň iň täsirli ýollaryny kesgitlemelidiris” diýip, Putin aýtdy.
Ekspertleriň aýtmagyna görä, Putin häzirki wagtda atyşyklary bes etmek bilen gyzyklanmaýar, sebäbi onuň güýçleri söweş meýdanynda öňe ilerleýär we ol entek özüniň esasy maksatlaryna ýetip bilmedi.
Russiýa 40 aý çemesi dowam edýän uruş döwründe Ukrainanyň gündogarynda territoriýalary eýelese-de, anneksiýa edendigini öňe sürýän dört sebitiniň, ýagny Lugansk, Donetsk, Zaporojýe we Hersonyň doly gözegçiligini gazanyp bilmedi. Atyşyklary bes etmek häzirki ýagdaýda Ukrainany garaşsyz we gowy ýaraglanan ýurt hökmünde galdyrar.
Forum