Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Millilik, watansöýüjilik' talaplary güýçlenýär, restoranlarda täze eşik kody girizildi


Aşgabatda bir restoranyň iç görnüşi. Bezeg suraty.
Aşgabatda bir restoranyň iç görnüşi. Bezeg suraty.

Türkmen häkimiýetleri millilik we watansöýüjilik talaplaryny güýçlendirip, ozalam zordan güzeran aýlaýan adamlaryň eklenjini kynlaşdyrýarlar, ýöne bu çäre käbir telekeçiler üçin goşmaça gazanç etmek mümkinçiligini berýär diýip, Azatlygyň habarçysy habar berýär. Täze talaplar toýhana, restoran, garbanyşhana desgalaryndan başlanyp, köçelerde ulanylýan hususy awtoulaglary hem öz içine alýar.

Balkandaky habarçymyz bu täzeligiň bir hepde gowrak ozal eşidilendigini, ýöne olar barada resmi düşündiriş almak mümkinçiliginiň bolmandygyny aýdýar.

“Balkan welaýatynyň toýhanalarynda we garbanyşhanalarynda ilata hyzmat edýän işgärler üçin täze geýim-eşik kody girizilip başlady. Aýal-gyzlar uzyn, türkmen ýakaly gök köýnek geýmeli. Köýnegiň ýeňi kelte bolmaly däl, gursagynda baýdak şekili bolmaly” diýip, habarçy bilen gürleşen restoran işgäri aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, ilata hyzmat edýän “erkek oglanlaryň köýnekleriniň ýeňinde baýdagyň suraty, çep tarapynda gerb suraty bolmaly edildi”.

Ýerli hünärmen jemgyýetçilik naharhanalarynda hyzmat edýän işgärleriň geýmeli eşikleriniň suratlarynyň telekeçilere bir hepdäniň dowamynda paýlanyp berlendigini we ilata 19-njy maýa çenli täze milli lybasda hyzmat etmek tabşyrygynyň berlendigini aýtdy.

Ýöne millilik ýa-da watansöýüjilik talaplary diňe jemgyýetçilik naharhanalarynyň çäginde galmady, bu meselede polisiýa işgärleri hem işjeňleşip başlady diýip, habarçy aýtdy.

Polisiýa ýolda 'satyjylyk' edýär

“Türkmenbaşyda ýol polisiýasynyň işgärleri hususy ulaglary saklap, sürüjileri ulaglaryň tarpedasyna wakumly ýelmenilýän kiçi baýdak nusgasyny, Serdaryň öň aýna kleýlenýän 9×12 ölçegdäki suratyny 20 manatdan satyn almaga mejbur edýärler. Bu talapdan boýun gaçyran ulag eýelerine 700 manat jerime salmak, sürüjilik şahadatnamasyny 3 ýyllap gadagan etmek haýbaty atylýar” diýip, anonimlik şertinde gürleşen sürüji aýtdy.

Aýry-aýrylykda gürleşilen we anonimlik şertinde pikirini aýdan birnäçe balkanlynyň pikirine görä, bu çäreler watansöýüjilik bahanasy bilen edilýän “uly biznes oýnuna meňzeýär”.

“Annaýewiň baýdagy depelemegi hem uly bahana boldy, aslynda bu ýagdaýyň arkasynda netijeli bähbit, pul peýdasyny görýän we hökümete ýakyn durýan telekeçileriň durandygy ikuçsuz” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi Gollandiýada ýaşaýan türkmen aktiwistiniň hereketleriniň käbir adamlar tarapyndan peýda görmek üçin ulanylýandygyny öňe sürdi.

Azatlygyň söhbetdeşleriniň aýtmaklaryna görä, Balkan sebitinde býujet edaralarynda işleýän adamlardan öýleriniň daşynda baýdak asmak, öýleriniň töründe prezidentiň portretini asmak talap edilýär.

“Bu hökmany, her öýde baýdak, prezident suraty asylgy bolmaly edildi. Mejbury asdyrylan baýdak ýa-da portret bilen watansöýüjilik döredip bolmaýar. ...watany söýdürmek üçin býujetçilere eli uzadan ýere ýeter ýaly aýlyk bermeli. Mejbury çäreler netijesinde, bir döwüm çörege zar býujet işgärlerine, halka watany beter ýigrendirýärler” diýip, balkanabatly sürüji aýtdy.

90 manada baýdak, 50 manada portret satyn alýan adamlar 'gaty nägile'

Söhbetdeşlerimiziň käbiriniň pikirine görä, watana bolan söýgi watandaky durmuş, ýaşaýyş şertleri bilen berk bagly bolup durýar.

“90 manada baýdak, 50 manada portret satyn almaga mejbur edilýän býujet işgärinde artykmaç aýlyk ýok, ol bu zatlary maşgalasynyň, çagalarynyň rysgalyndan kesip alýar” diýip, türkmenbaşyly pedagog döwlet emeldarlarynyň, telekeçileriň adamlaryň boýnuna dakýan ‘watansöýüjilik biznesiniň’ ýönekeý adamlara diňe zyýandygyny öňe sürdi.

Onuň pikiriçe, Türkmenistanda watana, döwlet nyşanalaryna bolan sylag-hormatyň ýokarlanmagy üçin “ýüz müňläp watandaş daşary ýurtda däl-de, watanynda gazanç eder ýaly şert döretmeli; baý bolar ýaly, halka gowy aýlyk, zähmet haky tölenmeli.

“30 dollar pensiýa, 100 dollar aýlyk alyp, maşgalada iýjek nahary gaýgy türkmenistanly nädip watanyny söýsün? Ol adamlarda söýgi diýen duýgynyň ornunda nädip çörek tapmaly diýen alada bar... Kimler tenini satyp, çörek tapýar...” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.

Türkmenistanyň döwlet baýdagy hakyndaky kanunda, beýleki döwlet nyşanlary baradaky kanunlarda olaryň şekilleriniň naharhana işgärleriniň eşiklerine çatylmagy, hususy ulaglaryň we jaýlaryň törüni eýelemegi, bu meselede häkimler derejesinde berilýän görkezmeleriň ýerine ýetirilmegi barada hiç bir zat aýdylmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG