Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB-de şindem Russiýany ynjytjak sanksiýalar karty barmy?


Germaniýanyň, Fransiýanyň, Ukrainanyň, Angliýanyň we Polşanyň ýolbaşçylary, 10-njy maý, Kiýew
Germaniýanyň, Fransiýanyň, Ukrainanyň, Angliýanyň we Polşanyň ýolbaşçylary, 10-njy maý, Kiýew

Ýewropa Bileleşiginiň Russiýa garşy täze, ýap-ýaňy girizen 17-nji sanksiýa bukjasy baradaky habaryň syýasy hem guranok, emma ýewropa liderleri eýýäm indiki görüljek çäreleriň üstünde işleýärler we olaryň geriminiň “has uly” boljakdygyny aýdýarlar.

Ýöne käbir analitikler ÝB-niň eýýäm, köp ugurda, özünde bar bolan iň gowy kartlary oýnandygyny we indi köp kartynyň galmandygyny, hususan-da Kiýew bilen Moskwanyň arasyndaky parahatçylyk gepleşiklerine itergi berýän Waşingtonyň bu çärelere goşulmak islemeýändigini duýdurýarlar.

"Bizde bar bolan we indi oýnalmaly kartlar esasan bu meselede bize Birleşen Ştatlaryň zerur bolan çärelerini öz içine alýar” diýip, düýbi Kiýewde ýerleşýän KSE institutynyň ylmy-barlag merkeziniň uly ykdysatçysy Benýamin Hilgenstok Azatlyk radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

"Has takygy, bu Russiýanyň nebit-gazyny dünýä bazarlaryndan uly möçberlerde çykarmak bilen baglanyşykly" diýip, ol Hindistan, Hytaý we Türkiýe ýaly ýurtlaryň, ABŞ-nyň goşmaça sanksiýalary bolmazdan, rus ýangyçlaryny satyn almagyny bes etmejekdigini hem sözüne goşdy.

Ýewropa liderleri 10-njy maýda, Moskwa Waşington tarapyndan teklip edilen 30 günlük ýaraşyga razy bolmasa, Russiýa garşy "uly" sanksiýa girizmek haýbatyny atdylar. Olar bu talaplaryny ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen utgaşdyrmak netijesinde edýändiklerini aýtdylar.

Bu oýun düzgünlerini üýtgedýän pursat ýaly bolup görünmelidi, ýöne transatlantik ylalaşyk uzak saklanmady.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin 19-njy maýda Tramp bilen eden telefon gürrüňinde atyşygy bes etmek wadasyny bermedi, ýöne Tramp bu söhbetdeşligi öwdi we ABŞ-nyň täze sanksiýalaryny yglan etmäge taýýar bolup görünmedi. Ol häzir bu sanksiýalaryň girizilmeginiň geçirilýän gepleşikleri howp astyna salmagynyň we ýagdaýy "has erbetleşdirmeginiň" ähtimaldygyny aýtdy.

Ýagdaýyň has düşnükli bolmagy üçin, geljekde giriziljekdigi ýaňzydylýan "ägirt uly" sanksiýalar diýilýäniň ÝB-niň 20-nji maýda yglan edilen çäreleri, 17-nji bukja bilen hiç hili baglanyşygynyň ýokdugyny aýtmak gerek. Sebäbi bu sanksiýalar eýýäm birnäçe wagt bäri işlenip taýýarlanýardy.

Boş haýbatmy?

Ýewropa liderleri, belki-de, özbaşdak ýagdaýda, ABŞ-nyň gatnaşmazlygynda nähilidir bir uly zat etmeli ýa-da olar bu ýerde boş haýbat atýan ýaly hem görnüp biler.

Olar bu işi edip bilermi? Litwanyň daşary işler ministri Kestutis Budris bu meselede oňyn pikir edýär. Ol Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde Ýewropa Bileleşiginiň Russiýanyň energiýa eksporty boýunça edýän tagallalaryny iki esse artdyryp biljekdigini aýtdy.

"Biz Russiýanyň býujetine girýän esasy girdejini we uruş maşynyna girýän esasy girdejini duruzmaly. Bu gaz, nebit, LNG (suwuklandyrylan gaz) eksporty. Biz bulary duruzmaly" diýip, ol aýtdy.

Emma hakykatda Ispaniýa, Gollandiýa we Belgiýa ýaly ýurtlar, iş ýüzünde, bir ýyl ozalkylaryndan has köp LNG ýa-da suwuklandyrylan tebigy gaz import edýärler. Budris bu meselede dünýä bazarynda alternatiwalaryň köp bolmagyna salgylandy.

"Ow, olar gaty gymmat, bu bize örän gymmat düşer, biz olary alyp bilmeris" diýen ýaly sözler eşidilýär. Serediň, biz (Litwa) bu işi eýýäm etdik" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Ýöne bahalar baradaky deliller sanksiýalaryň özlerine ýetirýän zyýanly täsirleriniň Ýewropa Bileleşigini ozal hem yza çekendigini we geljekde saklap, yza çekip biljekdigini görkezýär.

Sanksiýalar diňe bir ýagdaýda, öz isleýşimizden hem has aňryk gitmäge taýýar bolan pursatymyzda “uly” bolup biler diýip, Birleşen patyşalyk hyzmatlary institutynyň (RUSI), düýbi Londonda ýerleşýän ylmy-barlag merkeziniň hünärmeni Tom Kitating Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

LNG tankeri Polşanyň Swinoujscie terminalyna ýangyç getirýär
LNG tankeri Polşanyň Swinoujscie terminalyna ýangyç getirýär

"Munuň bilen, men diňe biziň öz ykdysadyýetimize belli bir derejede zarba urýan sanksiýalary girizmek islemäge taýýar boljak wagtymyzy nazarda tutýaryn” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Energiýa eksportyna urulmaly zarba

Hilgenstock Russiýanyň suwuklandyrylan gazyny ykdysady sebäplere görä ulanýan ýurtlar bilen Wengriýa we Slowakiýa ýaly ýurtlaryň, Moskwa bilen aradaky ýakyn syýasy gatnaşyklary sebäpli import gadagançylygyna garşy çykjak ýurtlaryň arasynda tapawut, parh goýýar.

Ykdysady garşylyklary ýeňip geçip bolýan halatynda-da, syýasy pikirler bu ugurdaky sanksiýalaryň düýpli güýçlendirilmegini gijikdirip ýa-da çylşyrymlaşdyryp biler.

Ýewropa liderleri indiki sanksiýalar bukjasynyň energiýa pudagyny hem öz içine aljakdygyny ýaňzytdylar, ýöne bu giň düşünje. Käbirleri maliýe çärelerini görmegi hem teklip etdi.

"Aslynda olaryň bu ýerde näme hakynda gürrüň edýändigi belli däl" diýip, şol bir wagtda Germaniýanyň daşary gatnaşyklar geňeşiniň hem wekili bolup durýan Hilgenstok aýtdy.

"Olar öz edip biljek zatlaryna aşa baha berýärlermi? Meniň pikirimçe, olar şeýle" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Leýen 16-njy maýda eden çykyşynda indiden beýläk nämeleriň bolup biljekdigini yşarat etdi.

"Bu sanawa Russiýanyň kölege flotunyň has köp gämisini salmagyň üstünde işlemegi öz içine alar" diýip, ol eýeleri anyk belli bolmadyk we rus nebitine we nebit önümlerine garşy girizilen çäklendirmelerden sowlup geçmekde ulanylýan gämileri nazarda tutup aýtdy.

Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula Won der Leýen
Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula Won der Leýen

17-nji sanksiýa bukjasy, şol gün yglan edilen Britan çäreleri bilen birlikde, öňki paketleriň nusgalaryna laýyklykda, eýýäm onlarça gämini hem sanawa goşdy. Şu sebäpden, gadaganlyk sanawyna girizilýän täze gämiler batyrgaý we täze bir çäre däl-de, üstüni ýetiriji, jemleýji hereket ýaly bolup görner.

'Diňe gürrüň edilýär, jalbarlary welin ýok'

Şeýle-de, Won der Leýen Russiýa 2022-nji ýylda Ukraina çozanyndan soň girizilen beýleki bir jeza çäresini, rus nebitiniň bahasynyň aňrybaş derejede arzanladylmagy bilen bagly meseläni agzady. Ýöne bu hem, global ýerine ýetiriş üçin, ABŞ-nyň razy bolmagyny talap eder.

Üç ýyllyk sanksiýalar Russiýanyň ykdysadyýetine uly täsir etdi, ýöne Moskwanyň agressiýasyny durzup bilmedi.

Emma muňa garamazdan, soňky çäreleri yglan etmek bilen, ýewropaly syýasatçylar tutanýerlilik görkezdiler.

Angliýanyň daşary işler ministri Deýwid Lammy 30 günlük ýaraşyga bolmaga çagyryp, Putini "jeňparaz" diýip atlandyrdy we "parahatçylyk tagallalarynyň gijikdirilmeginiň diňe özleriniň Ukraina goranmak kömegini bermek we Putiniň urus maşynyny çäklendirmek üçin sanksiýa ulanmak aýgytlylygyny iki esse artdyrjakdygyny” aýtdy.

Ýewropa Bileleşiginiň Daşary gatnaşyklar bölüminiň başlygy Kaýa Kallas sosial ulgamlarda "Russiýa garşy has köp sanksiýa girizmegiň üstünde işleýändigini" ýazdy.

Keating hakyky täsirli sanksiýalaryň berjaý edilmezliginiň ygtybarlylygy pese gaçyrjakdygyny duýdurdy.

"Bu [Russiýanyň daşary işler ministri] Lawroa we beýlekilere aslynda ýewropalylar diňe gürrüň edýärler, jalbarlary welin ýok” diýmäge esas berýär.”

"Biz Wladimir Putiniň beren jogabyny, has dogrusy, bu ultimatuma baş galdyrmaýandygyny görýäris" diýip, ol 10-njy maýdaky “uly” sanksiýalar beýanatyny nazara alyp aýtdy.

"Bu rus tarapynyň näme pikir edýändigini görkezýär".

Forum

XS
SM
MD
LG