Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin, parahatçylyk gepleşiklerini gijikdirýändigi baradaky aýyplamalaryň arasynda, Kursk sebitine garaşylmadyk sapar etdi


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Kurska eden garaşylmadyk saparynyň dowamynda ýadro elektrik stansiýasyna baryp gördi.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Kurska eden garaşylmadyk saparynyň dowamynda ýadro elektrik stansiýasyna baryp gördi.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Kursk sebitine garaşylmadyk sapar etdi. Geçen ýyl ukrain güýçleriniň Kurska girmegi bilen sebitiň bir bölegi wagtlaýyn eýelenipdi. Bu ukrain goşunlary sebiti terk edeninden soň Putiniň bu ýere ilkinji sapary boldy.

21-nji maýda döwlet telewideniýesinde görkezilen wideoda Putiniň ýerli ýaşaýjylar bilen duşuşygy hem-de sebitiň häkimi wezipesini ýerine ýetiriji Aleksandr Hinşteýn bilen gepleşik geçirýändigi görkezildi.

Geçen ýylyň awgust aýynda Ukrain güýçleri garaşylmadyk ýagdaýda Russiýa girip, Kursk sebitiniň takmynan 1 müň 400 kwadrat kilometr meýdanyny gözegçilik astyna alypdy. Geçen aý Moskwa ukrain goşunlaryny sebiti terk etmäge mejbur edendigini we çozuşyň doly tamamlanandygyny yglan edipdi.

Putiniň bu sapary, onuň Ýewropadaky Ikinji Jahan urşundan bäri iň iri we ganly çaknyşygy bolan Ukraina urşuny tamamlamak boýunça geçirilýän parahatçylyk gepleşiklerini gijikdirip, gepleşik stolunda pozisiýasyny güýçlendirmek maksady bilen mümkin boldugyça köp ýer eýelemäge synanyşýandygy baradaky aýyplamalaryň arasynda amala aşyryldy.

Geçen hepde Russiýanyň we Ukrainanyň wekilleri urşy bes etmek maksady bilen, üç ýyldan gowrak wagtdan soň, ilkinji gezek ýüzbe-ýüz gepleşik geçirdiler. Emma gepleşiklerde göze ilerlik öňe gidişlik bolmady.

Şol sebäpli ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 19-njy maýda Putin bilen iki sagatlyk telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Onuň netijesinde, Moskwa ok atyşyklary bes etmek boýunça şertleri öz içine alýan memorandum taýýarlajakdygyny wada berdi. Synçylar we ýewropaly diplomatlar muny Kremliň bilkastlaýyn gijikdirmesi diýip häsiýetlendirdiler.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio 20-nji maýda Senatyň Daşary gatnaşyklar komitetinde çykyş edip, Trampyň Moskwa garşy täze sanksiýalary girizmekden saklanýandygyny, sebäbi “onuň häzir sanksiýa haýbaty atylsa, ruslaryň gepleşiklerden çekilmeginiň mümkindigini we olaryň gepleşik stoluna oturmagyna mümkinçilik bermegi gymmatly hasaplaýandygyny” aýtdy.

Ýewropa Bileleşigi we Britaniýa 20-nji maýda Russiýa garşy täze sanksiýalar bukjasyny kabul etdiler. ÝB eýýäm täze we giň gerimli çäklendirmeleriň nobatdaky tapgyryny meýilleşdirýändigini mälim etdi.

Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow bolsa, Moskwanyň gepleşikleri bilkastlaýyn gijikdirýändigi baradaky aýyplamalary ret etdi we “ähli taraplaryň ýagdaýy çözmek ugrunda dinamiki iş alyp barýandygyny” aýtdy.

Prezident Tramp dört aý mundan ozal wezipesine girişeli bäri Ukrainadaky urşy togtatmagy daşary syýasatynyň ileri tutulýan meseleleriniň birine öwürdi. Mart aýynda Tramp iki tarapyň hem 30 günlük ok atyşyklary bes etmek ylalaşygyny derrew kabul etmegini talap edipdi. Ol bu talaby birnäçe gezek gaýtalap, ýaraşyk düzgünini bozan ýurtlaryň sanksiýa sezewar ediljekdigini hem duýdurypdy.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Ak tamyň teklibini kabul eden bolsa-da, Putin Ukrainanyň ozal Russiýa tarapyndan anneksiýa edilen ýerlerini ykrar etmegi, ýurduň harby taýdan bitarap bolmagy ýaly şertleri öňe sürüp, bu teklibi kabul etmekden ýüz öwürdi.

19-njy maýda geçirilen telefon gepleşiginden soň Tramp gepleşiklerden çekilmäge taýýardygyny ýaňzadan ýaly göründi.

Diplomatiki çekişmeler dowam edýän wagty, iki tarap hem söweş meýdanlarynda biri-birine garşy hüjümlerini dowam etdirýärler.

Forum

XS
SM
MD
LG