Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Marko Rubio 20-nji maýda Senatyň Daşary gatnaşyklar komitetinde geçirilen diňlenişikde Hazarüsti taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň ABŞ-nyň daşary syýasat bähbitlerine gabat gelýändigini aýtdy.
Bu sorag ABŞ Kongresiniň ýokarky palatasynda Montana ştatyna wekilçilik edýän respublikan senator Stiw Deýns (Steve Daines) tarapyndan gozgaldy.
Senatyň Tebigy serişdeler we Daşary gatnaşyklar ýaly birnäçe komitetiniň agzasy bolan senator öz çykyşynda ABŞ-nyň daşary syýasatynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň orny barada mesele gozgap, munuň bilen baglylykda, Türkmenistandan çekilmegi göz öňünde tutulýan Hazarüsti taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň Birleşen Ştatlaryň daşary syýasat bähbitleriniň hatarynda bolup-bolmandygyny sorady.
Strategiki taýdan ähmiýetli sebit - Merkezi Aziýa
“Senator Rubio, men dünýäniň bir künjeginden ünsi sowup, kän bir üns berilmeýän, ýöne strategiki taýdan ähmiýetli bolan başga bir künjege – Merkezi Aziýa ünsi çekmek isleýärin” diýip, senator aýtdy.
Ol bu sebitiň geografiki taýdan ýerleşýän ýerini aýratyn belläp, Hazar deňziniň üsti bilen Türkmenistandan Azerbaýjana çekilmegi göz öňünde tutulýan gaz geçiriji taslamasynyň ähmiýetine, bu taslamanyň Ýewropa Bileleşiginiň energetika import ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga goşup biljek goşantlaryna ünsi çekdi.
“Meniň pikirimçe bu sebitde ullakan potensial bar, ýöne ondan peýdalanylmaýar. Muňa mysal hökmünde Hazarüsti taslamasynyň bolmazlygyny getirip bolar... Gaz geçirijini Türkmenistandan Azerbaýjana birikdirmek üçin uzynlygy 20 mil (takmynan 32 km bolan) birikdiriji gurulmaly, ondan aňryk Ýewropa boýunça gaz geçiriji toruna baglanmak mümkin. Bu, bary-ýogy uzynlygy 20 mil bolan sepleýjidir” diýip, respublikan senator aýtdy.
Ol Türkmenistanyň tebigy gaz gorlary boýunça dünýäde öňde baryjy ýurtlaryň hatarynda bolandygyny belledi.
“Türkmenistan dünýäde gaz gorlarynyň göwrümi boýunça bäşinji ýerde durýar – bu ýerde äpet ullakan potensial bar. Elbetde, Hytaý, Russiýa we Eýran ýaly goňşularyň bolan ýerinde, ol gazy çykaryp almakda kynçylyk bar. Ýöne Hazar deňziniň üsti bilen ýol bar. Jenap sekretar, siz 20 mil uzynlygy bolan Hazarüsti sepleýjiniň Birleşen Ştatlaryň hem-de biziň ýaranlarymyzyň bähbidine bolandygyna ynanýarsyňyzmy?” diýip, senator sorag berdi.
Döwlet sekretary bu soraga “hawa” diýip, jogap berdi we bu ugurda Birleşen Ştatlaryň regional we ilçihanalar derejesinde daşary syýasat işini guramalaşdyrmagynyň möhüm bolandygyny nygtady.
Hazarüsi gaz geçiriji taslamasy 'heňe gelýär'
“Meniň pikirimçe, siziň muny düşündiriş täriňizden çen tutulsa, munuň jogaby 'hawa' bolar. Men ol uzynlygy 20 mil boljak sepleýji boýunça hünärmen däl, ýöne siziň argumentiňizden, siziň beýan ediş usulyňyzdan çen tutup, elbetde, munuň dünýäde heňe gelýändigini aýdyp bilerin” diýip, Rubio jogap berdi.
Senator Deýns özüniň noýabrda Türkmenistana we Täjigistana amala aşyran saparlaryna salgylanyp, sebit ýurtlarynyň Birleşen Ştatlar bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmaga isleg bildirýändigini aýtdy.
Ýatlasak, ol geçen ýylyň noýabrynda Türkmenistana sapar edip, prezident Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşyk geçiripdi. Şonda döwlet telewideniýesiniň “Watan” habarlar gepleşigi bu duşuşykda Türkmenistan bilen Birleşen Ştatlaryň arasynda, hususan-da, söwda, maýa goýum we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmäge aýratyn üns berlendigini habar berdi.
Türkmenistan öňden bäri Hazar deňziniň üsti bilen gaz geçiriji çekip, tebigy gaz eksport ugurlaryny diwersifaksiýalaşdyrmagyň üstünde işläp gelýär.
Türkmen hökümeti bu taslamanyň durmuşa geçirilmegine päsgel berýän hiç hili syýasy, ykdysady we maliýe sebäpleriň bolmandygyny aýdýar.
Russiýanyň Ukrainada alyp barýan çozuşynyň arasynda Ýewropa Bileleşigi ýangyç serişdeleriniň importlary boýunça Moskwa garaşlylygy azaltmaga çalyşýar.
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp özüniň ilkinji prezidentlik möhletinde Türkmenistanyň şol wagtky prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ýazan gutlag hatlarynyň birinde Hazarüsti taslamasynyň durmuşa geçirilmegini höweslendiripdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum