Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkandaky nagt ýetmezçiligi 'bankomatlarda gaýtalanýan näsazlyklardan' görülýär


Illýustrasiýa suraty. Milli banknotlar.
Illýustrasiýa suraty. Milli banknotlar.

Günbatar Balkan welaýatynda köp sanly döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri, şol sanda mugallymlar, nebitgaz we aragatnaşyk pudaklarynyň işgärleri, şu günler sebitde güýçlenen nagt ýetmezçiliginiň arasynda, aýlyk zähmet haklaryny bankomatlardan nagtlaşdyrmakda kynçylyk çekýärler.

Ýerli ýaşaýjylar dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda aýlyk girdejileriniň, onsuz hem bazarlardaky bahalara bäs gelip bilmeýändigini aýdýarlar.

“Balkanabat şäherinde tas hiç bir bankomatda diýen ýaly nagt pul ýok” diýip, sebit ýaşaýjylary aýdýar.

Nagt ýetmezçiligi barada ýerli banklar düşündiriş hödürläp bilmeýär. Türkmenistanda bankomatlar Merkezi bank tarapyndan nagt pul bilen üpjün edilýär.

Býujet işgärleri, 15-nji maýdan bäri ýitileşip dowam edýän nagt ýetmezçiliginiň arasynda, özleriniň zähmet haklarynyň bank hasaplaryna geçirilendigini, ýöne olary nagtlaşdyryp bilmeýändiklerini aýdýarlar.

Ozalam habar berlişi ýaly, Türkmenistanda raýatlaryň bank kartlaryndan töleg terminallary arkaly nagt däl töleg geçirmek mümkinçilikleri çäkli bolup, wagtal-wagtal bu enjamlarda köpçülikleýin näsazlyklar ýüze çykýar.

Kagyz pullar 'juda köneldi'

Balkanabatda Merkezi bank tarapyndan iberilen pullaryň bankomatlara daşalmagyna gatnaşýan bir howpsuzlyk işgäri dolanyşykdaky kagyz banknotlaryň könelmegi sebäpli, soňky wagtlarda bankomatlardan pul çekmekde ýygy-ýygydan problemalaryň ýüze çykýandygyny aýdýar.

“Bankomatlara goýulýan kagyz banknotlar köne, olaryň arasynda skoçlanan pullar, ýelmenen banknotlar bar. Şeýle banknotlar bankomatlardan çykarylanda tehniki näsazlyklar döreýär” diýip, pul daşaýjy inkassator işgäri aýdýar.

Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça ýerli banklardan goşmaça maglumat alyp bilmeýär.

Türkmenistanda kagyz pullaryň çap edilmegi, dolanyşyga goýberilmedik kagyz pullaryň saklanylmagy we daşalmagy Merkezi bank tarapyndan üpjün edilýär.

Azat Adalga: Pul – milli we daşary ýurt walýutasy (1-nji bölüm)
please wait

No media source currently available

0:00 0:06:09 0:00

“Merkezi bank Türkmenistanyň çäginde dolanyşykda bar bolan kagyz pullary (teňňeleri) olaryň ýerine başga kagyz pullary (teňňeleri) çykaryp, olary dolanyşykdan aýryp biler” diýip, ýurduň esasy maliýe edarasynyň resmi web sahypasynda aýdylýar.

Azatlyk Radiosy ýurduň içinde dolanyşykdaky banknotlaryň iňňän könelmegi bilen bankomatlardaky nagt ýetmezçiliginiň arasyndaky mümkin bolan arabaglanyşygy maliýe edaralaryna tassykladyp, ýa-da inkär etdirip bilmeýär.

Ýöne günbatar sebitde habarçymyz bilen gürrüňdeş bolan bir ýerli hünärmen ýurtda ABŞ dollarynyň resmi alyş-çalyş bahasynyň ençeme ýyllardan bäri gara bazardan dört-bäş esse pes saklanmaga ürç edilmegi hem-de ýurtda walýutanyň goşa bahasynyň ýyllarboýy saklanyp galmagy bilen baglylykda, dolanyşykdaky kagyz pullaryň ymykly könelen bolmagynyň “gaty mümkindigini” aýdýar.

“Hökümet dollaryň 3,5 manatlyk resmi alyş-çalyş bahasy boýunça manat çap etdirip gelýär. Köne banknotlar bireýýäm dolanyşykdan aýrylmalydy, görnüşinden, maliýe ýolbaşçylary täze banknotlary hem ençeme wagt bäri sargaman gelýär” diýip, ýerli hünärmen aýdýar.

Milli manat nirede çap edilýär?

Öňki ýyllarda media serişdelerinde peýda bolan maglumatlara görä, türkmen manady “De La Rue” britan kompaniýasy tarapyndan Maltada çap edilýärdi.

‘Reuters’ habarlar agenligi we BBC bu kompaniýanyň geçen aýda düýbi ABŞ-da ýerleşýän “Atlas Holdings” maýa goýum kärhanasy tarapyndan satyn alnandygyny, eýeçiligi geçirmek işleriniň sentýabrda tamamlanmagyna garaşylýandygyny habar berdiler.

Garaşsyz turkmen.news neşiri soňky sapar koronawirus pandemiýasy döwründe, 2020-nji ýylyň noýabr aýynda “Türkmenistan” howa ýollary kompaniýasynyň “De La Rue” britan kompaniýasynyň Maltadaky pul çaphanasyndan türkmen manadynyň täze tapgyryny getirendigini habar berdi.

Bu kompaniýanyň heniz-de türkmen manadyny çap edip-etmeýändigi, ýa-da bolmasa manat çap etmek işleriniň başga daşary ýurt kärhanalary bilen ylalaşylyp-ylalaşylmandygy barada açyk çeşmelerde maglumat ýok.

Ýöne Balkan welaýatynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan ýerli maliýe hünärmeni we inkassator işgäri kagyz pullaryň juda könelişmegi bilen baglylykda bankomatlardan pul nagtlaşdyrmakda ýygy-ýygydan tehniki näsazlyklaryň gaýtalanýandygyny tassyklaýar.

Türkmenistandaky bankomatlar nirede öndürilýär?

Türkmenistanda esasan Günorta Koreýanyň “Hýusung” korporasiýasy tarapyndan öndürilen bankomatlardan peýdalanylýar.

2023-nji ýylda bu korporasiýa bankomat önümçiligini ýurt içinde ýola goýmak boýunça “Aýdyň gijeler” tehnologiýa kompaniýasy bilen gepleşik geçiripdi.

Bu gepleşikleriň netijeleri boýunça giňişleýin maglumat berilmedi, ýöne “Aýdyň gijeler” Türkmenistanyň iň iri tehnologiýa kompaniýalaryň biri bolup, ýerli synçylar soňky wagtlarda bu kompaniýanyň has-da ileri tutulýandygyny aýdýarlar.

Ýatlasak, öňki ýyllarda, döwlet ýolbaşçylary bu kompaniýanyň öndürýän ýerli telewizorlaryny we öýjükli telefonlaryny mahabatlandyryp, döwlet telewideniýesinde görkezilipdi.

Azat Adalga: Pul – milli we daşary ýurt walýutasy (2-nji bölüm)
please wait

No media source currently available

0:00 0:06:23 0:00

Azatlyk Radiosy Balkanabatda dowam edýän nagt gytçylygynyň bankomatlarda ýygy-ýygydan emele gelýän tehniki näsazlyklar bilen baglanşyklydygyny ýa-da däldigini, eýsem, bu bankomatlaryň Günorta Koreýanyň “Hýusung” korporasiýasy tarapyndan ýa-da, “Aýdyň gijeler” ýerli tehnologiýa kompanýasy tarapyndan bilelikde, ýa-da ýekelikde öndürilen bankomatlar bolup-bolmandygyny anyklaşdyryp bilmeýär.

Ýerli maliýe hünärmeni Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde täze banknotlary çap etdirmegiň deregine, häzirki dowam edýän ykdysady şertlerde, dolanyşykdaky köne kagyz pullary bankomatlaryň üsti bilen däl, eýsem, elden paýlamaly hem bolsa, manat dolanyşygy bilen bagly “status kwony”, ýagny häzirki ýagdaýy saklap galmagyň möhüm bolandygyny aýdýar. Ol bu teklibiň sebäplerini aýdyňlaşdyrmady.

Banknotlar bilen walýuta bazarynyň arasynda gatnaşyk barmy?

“Bäş ýyl mundan ozal, täze kagyz pullar dolanyşyga goýberilende walýuta bazarynda ýiti durnuksyzlyk emele gelipdi. Şonda bir ABŞ dollarynyň hümmeti tas 40 manatdan aşypdy” diýip, ýerli hünärmen koronawirus pandemiýasy döwründe bazarlarda emele gelen tolgunyşyga salgylandy.

Ýöne şol maliýe durnuksyzlygynyň gönüden-göni täze kagyz pullaryň çap edilmegi bilen baglanyşykly bolup geçendigini subut edýän delil ýok.

Hökümetçi “Turkmenportal” neşiri ‘Kagyz pullar barada bilinmeli 20 sany gyzykly fakt’ sözbaşy bilen çap eden maglumatynda, banknotlaryň ulanyş möhletiniň üç-bäş ýyl aralygynda bolandygyny aýdýar.

Bu ugurda dünýädäki meýiller barada aýdylanda, hususan-da soňky wagtlarda nagt däl hasaplaşyklar has ýörgünli bolup barýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy häzirki wagtda günbatar sebitde dowam edýän nagt ýetmezçiliginiň arasynda gara bazarda 1 ABŞ dollarynyň 20 manat töwereklerinde bahalanýandygyny habar berýär.

“2 müň dollar 40 müň manat bolýar” diýip, daşary ýurtda zähmet çekýän dogan-garyndaşlaryndan iberilen walýuta serişdelerini ýaňy-ýakynda gara bazarda milli manada almaşan ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG